Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bosagasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän çagynda kabul edilen bu resminamanyň «akylly» şäheri sazlaşykly we durnukly ösdürmekde, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Üstümizdäki şanly ýylyň özünde Arkadag şäherinde geçirilen köp sanly çäreler, şol sanda Medeniýet hepdeligi hem bu hakykata äşgär görkezdi, Şeýle çäreler Köpetdagyň etegine gözellik goşýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şähere gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi «akylly» şäheriň geriminiň has-da giňemegine, ol ýerde bir-birinden owadan, akylyňy haýran etjek desgadyr binalaryň ýene-de ençemesiniň gurulmagyna, müňlerçe ildeşlerimiziň jaý toýlaryny toýlamagyna we ýokary amatly iş orunlarynda zähmet çekmegine şert döreder. Watanymyzy beýik ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.