ULUSYNY SYLAN BEG BOLAR

     Her bir jemgyýetiň geljege tarap hereketiniň öz aýratynlygy bar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlamagy başaryp, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly garaýar. Çünki, adamlar şu günki gazanylýan üstünlikleriň has ýokary netijelerine geljekden garaşýarlar. Şonuň üçin hem, parasatly ýaşulularymyza hormat we sarpa goýmak halkymyz özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap, bu asylly däbe yzygiderli eýerýär.

     Asyrlaryň dowamynda kemala gelip halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen ýaşuly sarpasy jemgyýetçilik durmuşynda özboluşly milli terbiýeçilik ýoluny emele getirýär, nesil sazlaşygyny berkidýär. Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän pendi-nesihaty, görüm-göreldesi, ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar.

     Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabry “Ýaşulular halkara güni” ýurdumyzda giňden bellenilip gelinýär. Baýramçylyk mynasybetli dürli görnüşdäki medeni çäreler guralýar. Şol çäreleriň çäginde ýaşuly adamlaryň ýaşaýan jemgyýetleriniň işine goşan goşantlary barada habarlylygy ýokarlandyrmak ýaly birnäçe işler alnyp barylýar. Ata Watanymyzda ýaşuly adamlaryň sarpasynyň belent tutulyp, olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly adamlaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri häli-şindi ýaş nesillere ýetirilip durulýar. Bu bolsa, ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.

     Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Toý – tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalara, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi Arkadag Serdarymyzyň saýasynda has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek, ilatyň durmuş ýagdaýy bilen içgin tanyşmak maksady bilen, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda iş saparlary bilen bolan wagtlary, ikinji nobatda, ýaşulylar bilen mähirli salamlaşyp, olaryň saglyk, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary bilen gyzyklanmagy we olar bilen geňeşmegi ýaşuly nesliň kalbynda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär.

     Berkarar dӧwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe “Dӧwlet adam üçindir!” diýen şygary ýol-ýӧrelge edinýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan dӧredilip berlen eşretli, bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyny her ädimde duýup ýaşamaklygy hem-de ähli zatdan ileri tutulýan ynsan saglygyny gorap saklamakda yzygiderli tagallalar edilýär.

     Mukaddes Garaşsyzlyk häzirki döwlet berkararlygynyň mizemez binýadyny beýan edýän bolsa, ýaşulularymyz düýnki, şu günki hem-de ertirki günümize bolan uly ynamy we durmuş tejribesini özlerinde jemleýän halkymyzyň milli terbiýe mekdebi bolup durýar. Adam jemgyýeti döredýär, adamyň döreden jemgyýeti bolsa onuň özüni hem terbiýeleýär. Döwletiň ösüş derejesi bolsa, şol jemgyýetdäki adamlaryň kämillik derejesi bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde olara ýaşulularymyzyň berýän öwüt-ündewleriniň, edep-terbiýesiniň uly ähmiýeti bardyr.

     Ýaşulularyň ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmaty şöhratly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyňlygy bilen görünýär. Şu nukdaýnazardan, Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere edep terbiýe bermek işiniň milli däp-dessurlarymyz bilen sazlaşykly alnyp barylmalydygy barada yzygiderli nygtaýar. Çünki, akyl bilen tejribe, ynam bilen yhlas utgaşanda, hakyky adamkärçilik häsiýetler özleşdirilip, kämillik gazanylýar. Ýaşulularymyz bolsa, akyl we tejribäniň utgaşan kämilligidir. Ýaşulular paýhasy durmuş ýollarynda, täze menzillerde dogry we netijeli çözgüdi tapmaga ýardam berýän ýol-ýörelgedir. Şol sebäpli durmuş meýdanynda taplanan, paýhasy ýitelen ýaşululara sala salynmagy halkymyza mahsus bolan tebigy ýagdaý bolup durýar.

     Umuman, ýurdumyzda kemala gelýän ýaş nesli kämil adamlar edip ýetişdirmekde milli gymmatlyklarymyzyň, gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan durmuş ýörelgelerimiziň we asylly däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilmegi bolsa jemgyýetimiziň geljekki ösüşini şöhlelendirýär.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar berişbölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 2340 okalan

HALK MASLAHATY – DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

02 Oktýabr 2024 | 119 okalan

BEDEW BADY BILEN ÖZGERÝÄR ÝURDUM

02 Oktýabr 2024 | 1101 okalan

DANALARDAN DÜRDÄNELER