ÝOLLARYMYZ ASUDA – ILLER ABADAN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijesinde, pudagyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu beýik işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guralýan çäreler hemmeler üçin örän täsirli bolýar. Ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi möhümdir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalaryny edýändigini, bu ugurda geçirilýän biraýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda, halkymyzyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

     Häzirki ajaýyp döwrümizde gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Ulag serişdeleriň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, guralýan bu biraýlyk çäreleri indi berkarar döwletimizde asylly däbe öwrüldi.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY