GARAŞSYZLYK – TÜRKMEN HALKYNYŇ UÇAR GANATY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndan rowaç alyp, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-baba arzuw-yhlaslary siňen Garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar.

     Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny dabaraly belläp geçýär. Taryh üçin gysga döwürde ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy barha ýokarlanýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli ülkämiziň ählumumy özbaşdaklygy ýurduň erkin şemalyndan gözbaş alyp, garaşsyz döwletlilik baradaky ynamlary her gün dabaralanýar.

     Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy  hökmünde öz syýasy garaýşymyzy beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerde dünýä ýaň salýar.Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň her biri türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer syýasatynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde has-da ýokary belentliklere göterýändiginiň, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna hem-de giň goldawyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

     Hormatly Prezidentimiziň syýasy ýörelgesi halkymyzy, ýurdymyzy bagtyýarlyga besläp, ýeňişlere alyp barýan bagtyýarlyk eýýamymyzyň beýik hem-de röwşen geljegini kesgitleýän parasatly ýörelgedir.

     Goý, bagtyýar halkymyzy bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Taryh üçin gysga döwürde Watanymyzyň ýeten derejesine, üstünliklerine sebäp bolýan Hormatly Prezidentimiziň ýeňil bolmadyk işleri elmydama üstünliklere beslensin!

 

Garlybaý PAŞŞAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY