GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

ENE HORMATY

     Ylym-bilimi örän ýetik bir danadan:

     – Eý, dana, jahanda Taňrydan ýalkawly, iň hormatly ynsan kimdir?! – diýip sorapdyrlar. Ol pikirlenmezden:

     – Ene – diýip jogap beripdir. Oňa ikinji gezek ýene şol soragy beripdirler. Dana ýene-de öňki jogabyny beripdir.

     – Soňra kim? – diýip, danadan üçünji gezek hem sorapdyrlar. Ol:

     – Ata – diýip jogap beripdir. Dünýäniň tükeniksiz syrlaryndan habarly dananyň jogaby adamlary oýlandyrypdyr. Şonuň üçindir, bu sowal soň-soňlaram gaýtalanypdyr. Asyrlar geçse-de, dünýäniň manysyny tirýän danalaryň jogaby üýtgemändir. Ol häzir hem şeýle.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR