BERKARAR DÖWLETIŇ SYLAG-SARPALY BAGTYÝAR ÝAŞULULARY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli, «Berkarar döwletiň sylag-sarpaly bagtyýar ýaşululary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabara Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň işgärleriniň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary we sahna oýunlary aýratyn öwüşgin çaýdy. Onuň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Soňra dabara Daşoguz şäherine görk berip oturan «Magtymguly Pyragy» ýadygärliginiň öňünde welaýatyň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.

     Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaşulularyň sarpasyny belentde tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ýakup ATABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar