BUÝSAN WATAN, ÖZ BAGTYÝAR NESLIŇE, OLAR SESIN GOŞÝAR DÖWRÜŇ SESINE

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, kaşaň «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, ondan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Buýsan Watan, öz bagtyýar nesliňe, olar sesin goşýar döwrüň sesine» atly brifing duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan Ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki wekilleri hem-de işjeň agzalary çykyş etdiler. Çykyşlarda 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlary, olardan gelip çykýan wezipeler, ýetilen sepgitler, öňde goýlan anyk we aýdyň maksatlar dogrusynda giňişleýin bellenildi.

     Brifing duşuşygy Daşoguz welaýat teleradiostudiýasy tarapyndan «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy üçin ýazgy edildi.

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.