Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra güni mynasybetli, “Hatyra güni – hakyda güni” şygary astynda, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Onda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy, agyr synaglardan geçen paýtagtymyzyň gaýtadan dikeldilmegi hem-de parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrülendigi dogrusynda giňişleýin bellenildi.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.