Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler goşa toýlaryň ulaşyp gelýän şanly gününde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly öňde durýan wezipeler barada edilen taryhy çykyşlar, ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, gysga döwrüň içinde taryhy ösüşleri başdan geçiren ýurdumyzyň gadamynyň ýene-de rowaçlanmagyna degişli kabul edilen çözgütler dogrusynda uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar alnymyzdan ak gün bolup dogan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.