TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERI – ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

     Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Golaýda etrabymyzyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleri – ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrap halk maslahatynyň agzalary, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgütleriniň kabul edilendigi, şeýle hem, gazanylýan ösüşleriň halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşanlar bagtdan paýly halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.