SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

     Şu gün Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly söhbetler edildi. Şeýle hem çykyş edenler lukman hem alym Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli saglygy goraýyş işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Noýabr 2024 | 5 okalan

KITAP – AKYL-PAÝHASYŇ ÖNÜMI

30 Oktýabr 2024 | 78 okalan

YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERIŇ ŞANYNA