DÖWLETLI IŞLERIŇ DOWAMY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütlere baý boldy. Bilşimiz ýaly, maslahatyň dowamynda edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda ýylyň-ýylyna beýik özgertmeler gazanylýar. Aýratyn hem bu döwletli maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryny diňlemek biz — ýaşlara aýratyn ýakymly pursatlary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ruhy taýdan sagdyn, kämil bilimli we giň düşünjeli ýaşlaryň terbiýelenmegi boýunça netijeli işleriň ýene-de dowam etdiriljekdigini belledi. Bu babatda mejlisiň dowamynda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, ýaş nesli däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek bilen bagly işleri geljek ýyllarda-da üstünlikli dowam etdirmegiň hökmanydygy dogrusynda aýdylanlar watandaşlarymyzyň göwünlerine ganat baglady. Göz öňünde tutulan bu giň maksatnamalaýyn işleriň ählisi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk işleriň meýilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda ilatymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan ýene-de birnäçe döwletli çözgütler kabul edildi. Şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, sebitlerde gyradeň ösüşi gazanmak, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça köpsanly işleriň durmuşa geçiriljekdigi barada aýdyldy. Munuň özi halkymyzy täze ýeňişlere we beýik işlere ruhlandyrdy. Biz hem öňümizde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen bu ugurdaky işlere öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyzy parahat döwürde, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Durdy MÄMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY