HÜNÄRIM BAR – HORMATYM BAR (hekaýa)

     Şäherde ýaşaýan Aşyr her ýyl tomusky dynç alyşda oba atasynyň ýanyna gelerdi. Bu ýyl hem şeýle boldy. Dokuzynjy synpa geçen Aşyr indi uzyn boýly, daýaw ýigit bolupdyr. Atasy Gurban ussa özi bilen boýdaş bolup duran agtygyna seredip:

     -Tüweleme, agtygym ýigit çykypdyr, şäherde ýaşasaňam, seniň köküň şu ýerdendir. Şol özüne çeker durar. Bir öwrenişäýseňem, şähere gidesiň gelmez. Sen gowusy meniň ýanymdajyk boluber-diýip guwanç bilen ýylgyrdy. Aşyr sesini çykarman, ýylgyrmak bilen çäklendi. Atasynyň diýeniniň jany ýogam däl, Aşyr hemişe obany küýseýärdi. Aýratyn hem atasyny göresi gelerdi.

Onuň atasy il içinde gepi-sözi ýöreýän adamdy, märekä barsa, orny tördedi. Atasy bilen toýa baranynda, oba arasyna ol, bi ýumuş bilen çykanlarynda, oba adamlarynyň Gurban agany sylaýyşlaryny görüp, Aşyr hem-ä geň galypdy, hemem şeýle sylanylýan, hormatlanylýan atasynyň bardygyna buýsanypdy. Bir gezek Aşyr atasyna:

     -Ata, aý ata, seni hemmeler tanaýan ekeni, gaty sylaýan ekeni. Obamyzyň adamlary seni gaty gowy görýän ekenler – diýdi. Gurban aga döşüne düşüp duran ak sakgalyny sypalap ýylgyrdy:

     -Oglum, biziň obamyzyň adamlary gaty gowy adamlar. Olar hemmänem gowy sylaýarlar. Menem öz obamyzyň adamlaryny gowy görýärin. Ýöne bu ýerde bir zat bar, halka özüňi sylatmak üçin halka özüňi aldyrmaly, halky sylamaly, onsoňam iň esasy zat, eliňde hünäriň bolmaly. Eliňden bir hünär gelýän bolsa, halka peýdaň degip, olaryň alkyşyny almagy başarsaň, hormat-sylagyň hasam artar-diýdi.

     Aşyr atasynyň bu diýenlerine o diýen düşünmese-de, başyny atyp, makullady. Onuň gözlerinden ýagdaýyny aňyp duran atasy ýene:

     -Köşek, entek sen ýaşrak bolýaň, ine, sen ulalarsyň, onsoň aýdanlaryma has gowy düşünersiň-diýdi.

     Şol günden bir hepdä golaý wagt geçendir-dä, obada uly toý boldy. Atasy Aşyra:

     -Oglum, meniň bilen toýa gidermiň, toý bir gowy zat. Adamlar didarlaşýarlar, ýagşy dileg edýärler. Göreş görüp, bagşy diňläp gaýdarsyň-diýip ýüzlendi. Aşyr  gürlemän, baş atyp ylalaşdy.

     Gurban ussa agtygy bilen tirkeşip, toý bolýan ýere baranynda, ony özi bilen deň-duş ýaşululary gadyrly garşyladylar. Gurban ussa toý tutýan Öwez aganyň toýuny gutlady. Öz gezeginde Aşyr hem ýaşulularyň hemmesi bilen elleşip görüşdi. Ýaşulular oňa “tüweleme” diýdiler.

     Uludan ýazylan saçagyň başyna geçip oturdylar. Näçe çekinse-de, Aşyram atasynyň ýanynda oturmaly boldy. Gurban aga agtygyna obanyň ýaşulularyny tanyşdyryp başlady.

     -Ynha, ol oturan adama Piri lukman diýýärler. Ol oba adamlary ýaramadyk pursatlarynda gije diýmän, gündiz diýmän, elinde baryny edip, olaryň saglygyna  seredip geldi. Onuň ýanynda oturan adama Sähet bagban diýerler, onuň bagyna baryp görseň, haýran galýarsyň. Dürli miweli, saýaly agaçlary ýetişdirmekde onuň öňüne geçjek bolmaz. Ol bu hünärini birnäçe şägirtlerine öwretdi. Şonuň üçinem, obamyz durşy bilen baglyga bürenip oturandyr. Obamyzyň şeýle owadan, baglyk bolmagyna Sähet bagbanyň goşandy gaty kändir. Sähet bagbanyň gapdalynda oturan adam bolsa, Allamyrat mugallym bolmaly. Ol ömrüne mekdepde çagalary okadyp, bilim, terbiýe berip geldi. Şu obadakylaryň hemmesi diýen ýaly onuň okuwçylary. Allamyrat mugallym mugallymçylykdan başga-da, obada toý-märeke bolsa şol ýerde uly guramaçy, uly iliň maslahat salýan adamsy bolup geldi. Mugallymyň gapdalynda oturana Mämmet çopan diýerler, gaty maljanly adam. Goýun-geçi bolsun, uly mal bolsun, parhy ýok, idetmekde, köpeltmekde gaty tejribeli adam. Ýörite mal lukmany diýen haty bolmasa-da, ýaraman duran malyň daşyndan bir aýlandygy bes, niresinde nähili derdiniň bardygyny ýalňyşman aýdyp bilýär, eminem salgy berýär. Şonuň üçin, sygry, goýun-geçisi bir derde ulaşan adam Mämmet çopanyň ýanyna ylgaberýär. Mämmet çopanyň ýanynda oturan adama “Baýly aşpez” diýilýär. Toý-märekelerde onuň bişiren palawyny iýip, doýup bilmersiň. Özem gaty üşükli adam, toý etjekden näçeräk adam çagyranyny sorarda, näçeräk tüwi, näçeräk et, näçeräk ýag, käşir almalydygyny sanaberer. Toý ýerde janly soýmaly, gassapçylyk etmeli bolsa-da, ýaýdanyp durman, elini çermäp, işe girişiberer. Şonuň üçin, toý-märeke etjek adam Baýly agany idäberer. Garaz, oglum, şu adamlaryň hemmesi öz hünäri bilen halkyň alkyşyny alyp, hormat-sylaga mynasyp bolan adamlardyr. Menem ussaçyk kärini ele aldym. Kim täze jaý saljak bolsa, maňa ýüzlenerdi. Menem ýanyma bile işleýän ýoldaşlarymy alyp, ol adama gupba ýaly täze jaý salyp bererdim. Obadaky jaýlaryň köpüsiniň gurluşygynda meniň elimiň yzlary bardyr. Hünär öwrenmek, hünärli bolmak adamyň hormat-sylagyny artdyrýar. Öz hünäriň bilen halkyň möhümini bitirip, olary begendirmek, alkyşyny almak adamyň özüne-de lezzet paýlaýar. Şonuň üçin, hünär öwrenmeli, hünäriňi halka, Watana bagyş etmeli, şonda sen hormatlanýan adama öwrülersiň-diýdi. Aşyr ýene-de baş atyp, atasynyň diýenlerini makullady. Toý gaty gyzykly, şagalaňly geçdi. Bagşy diňlendi, pälwanlaryň göreşine-de tomaşa edildi. Gaýdan wagtlary hem Gurban ussa obadaşlary bilen gadyrly hoşlaşdy. Öýe gelensoňlar, Gurban ussa agtygyndan:

     -Aşyrjan, toý nähili boldy, gyzykly boldumy? Nesip bolsa saňa-da şeýdip, uludan toý tutarys. Sen bir zadyň pikirine-hä batypsyň? Näme hakda beýle çuň oýa batdyň?-diýip sorady. Aşyr:

     -Ata, sen ýaňy meni ýaşulular bilen, olaryň hünärleri bilen tanyşdyrdyň. Mende hem bir hünär edinmek pikiri döredi. Ýöne haýsy hünäri saýlajagymy bilemok? Mende geljekde men kim bolmaly diýen sowalam peýda boldy? Şol sowala jogap tapyp bilmän gelýän-diýdi. Agtygyny üns bilen diňlän Gurban aga şu ýerde säginenini duýman galdy. Agtygyny guwanç bilen synlap durşuna:

     -Berekella köşek, men senden şeýle pikire hem garaşýardym. Gaty dogry, ulalanda kim bolmalydygyňy ýaşlykdan saýlamaly. Özüň bir söýýän käriň, ýüregiňe ýakyn hasaplaýan hünäriň bardyr-a, şonam saýlamaly. Ýürek hiç wagt aldamaýar. Onsoňam hünäriň erbedi ýok. “Ýigide müň hünärem azdyr” diýipdirler. Esasy zat, saýlan hünäriňi söýmekdir. Hünäri söýseň, ol hünär saňa bagt, abraý getirýär. Hany, sen özüň haýsy hünäri saýlaýsam diýýäň? Göwnüňe haýsy hünär ýaraýar?

     Aşyr bir meýdan dymansoň:

     -Ata men ýaşlykdan çyzgy çyzmaklygy gowy görýärdim. Indem binalaryň çyzgylary bilen gyzyklanyp başladym. Bu ugurdan mugallymymyzdan goşmaça sapaklar hem alýan. Geljekde belent-belent binalaryň çyzgylaryny taýynlaýan binagär bolasym gelýär. Meniň çyzgylarym boýunça gurlan binalaryň ýurdumyza bezeg berip durmagyny isleýän.

     Agtygynyň bu sözlerini eşdensoň, Gurban ussanyň ýüregi şatlykdan dolup, ýüzi ýagtylyp gitdi.

     -Oglum, ýüregiňe bir düwdüňmi, hiçem badyňy gowşatma. Seniň bu hünäre bolan yhlasyň menden geçen bolmaly. Menem gurluşykçy ussa ahyry. Sen bolsa, meniň kärimi hasam kämil görnüşde, döwrebap görnüşde dowam etdirmekçi bolýarsyň. Binagärlik seniň ganyňda bar. Sen hökman maksadyňa ýetersiň. Şu üç sany zady hakydaňda müdimi sakla. Özüňe bolan ynam, çäksiz yhlas, irginsiz zähmet, üçüsi birleşse, hökman arzuwyň hasyl bolar. Saýlan hünäriňi söý, ol saňa bagt getirer, ýoluň ak bolsun köşegim!

     Agtygyna ak pata beren Gurban ussa Aşyry bagryna basdy.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY