Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyza halkara ülňülerine gabat gelýän bilim-terbiýe berilýär.
Maşgalada binýady goýulýan nesil terbiýesi döwrebap bilim-terbiýeçilik edaralarynda has-da kämilleşdirilýär. Çagalaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklarynda, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ýurdumyzda hereket edýän bilim edaralarynyň ähmiýeti örän uludyr. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän kämil innowasiýalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarydyr mekdepler, ýokary okuw jaýlary milli bilim ulgamynyň mizemez binýadyny kemala getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden goýan bilim ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap derejede ösdürilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Indi her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde 1-nji synpa barýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan “Bilimli” kompýuterleriniň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, çagalaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna gönükdirilen ilkinji hem möhüm ädimleriň biridir. Şeýlelikde, ýaş nesle döwrebap bilim hem terbiýe bermekde täze tehnologiýalary özleşdirmek, başlangyç synplarda kompýuter tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak arkaly bilim berşiň hili has-da kämilleşdi. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bilim bermegiň interaktiw usullary ýaşlaryň dürli ugurlar babatda kämilleşmegine itergi berýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaş nesliň ylym-bilim, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Umyt BAÝRAMALYÝEWA,
B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.