Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu günki gün türkmen sporty barha ösýär, her bir raýatymyz, aýratyn hem ýaşlarymyz sport we bedenterbiýe bilen içgin meşgullanýarlar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bu ugra uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýakynda türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIIIgyşky Aziýa oýunlarynda gazanan buýsandyryjy üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden türkmen hokkeýçileriniň ýürek buýsanjy:
Baýmyrat BAÝMYRADOW,
«Oguzhan» hokkeý klubynyň türgeni:
— Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýy barha belende göterilýär. Türkmen türgenlerimiz halkara derejesinde geçirilýän çempionatlarda ýokary derejede çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallary gazanýarlar. Iri halkara sport ýaryşlarynda hormat münberine çykyp, ýurdumyzyň abraýyny dünýä tanatmak biz — türgenler üçin uly bagtdyr.
Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlaryna türkmen hokkeýçileri ilkinji gezek gatnaşdylar. Biz bu iri sport ýaryşynda Malaýziýanyň toparyndan üstün çykyp, ýaryşy şowly başladyk. Makao döwletiniň ýygyndy topary bilen bolan duşuşygymyzda 4 sany hokkeý topuny geçirip, milli ýygyndymyzyň öňe saýlanmagyna öz goşandymy goşandygyma begenýärin.
Biz — türgenlere şeýle iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Maksat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
«Şir» hokkeý klubynyň türgeni:
— Türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagyna ýardam berýär. Men hem birnäçe ýyldan bäri sportuň hokkeý görnüşi bilen meşgullanýaryn. «Şir» hokkeý klubynyň baş tälimçisi Röwşen Gelenjäýewiň halypalyk etmeginde hokkeý sportunyň inçe tilsimlerini öwrenip, birnäçe sport ýaryşlaryna gatnaşdym. Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynda hem ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etdim. Bu ýaryşda üstünlik gazanmagymyz kalbymyzy buýsanja besledi. Biz — türkmen türgenlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Döwlet SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, «Galkan» hokkeý klubynyň türgeni:
— Arkadag Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek baradaky tagallalary netijesinde ýurdumyz bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Biz türkmen hokkeýçileri gyşky Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde okuw-türgenleşik işlerini geçdik. «Raubiçi» Olimpiýa sport toplumynda geçen okuw-türgenleşiklerimiz biziň tejribämizi has-da artdyrdy. Okuw-türgenleşigimiziň dowamynda biz belarusly hokkeý toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirdik.
Ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Taýýarlan Akmyrat ATABAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
04.03.2017ý.