Jennetiň hüýr perisi,uçmah lälesi...

Bahar paslynyň bu topraga gelşi zyýada.Bahar mähriban topragymyza gözelligiň özi bolup inýär-de,ylhamly ýürekleri şirin mukamlardan doldurýar.Bahar asmandan yşk damjasy bolup damýar-da, dogduk sähralarymyzy läle-reýhan öwüsdirýän ýaz gülleri kalplara röwşenlik eçilýär.

Bahar duýguçyl zenan kalbyna şadyýan aýdymlar bolup ornaýar-da, näzikligiň,nepisligiň,pynhanlyga eýlenen ýürekleriň tämiz tarlaryna siňýär. Şonuň üçin hem biz Baharyň ilkinji günlerinde eneleriň, gyz-gelinleriň gözellik toýuny — zenanlar baýramyny uly şatlyk- şagalaň bilen belleýäris. Bu baýramyň ilkinji buşlukçylary bolan «Talyp gözeli», «Ýylyň zenany», «Iň eýjejik gyzjagaz» ýaly ylhamly bäsleşikleriň geçirilmegi ýüreklere şatlyk bagyşlaýar.

Baharyň ilkinji günlerinde geçirilmesi ajaýyp  däbe öwrülen «Talyp gözeli» atly gözellik bäsleşigi ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda şatlyk-şowhuna beslendi.

“Talyp gözeli-2017” atly döredijilk bäsleşigi kalba gözellik çaýýan täsirlere beslendi. Onuň ýurdumyzyň hemme ýokary okuw mekdepleriniň göreldeli talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen saýlama tapgyrlary örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onda tebigy zehini, ýokary sahna başarjaňlygy bilen tapawutlanan gözelleriň 19-sy öňe saýlanmagy başardylar. Olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň iň owadan, akylly-başly, edep-ekramynda göreldeli gyzlaryna wekillik edip, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ak mermerli paýtagtymyza geldiler.

Bu dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ter güller, nepis el halylar bilen bezelen bezemen sahnasynda gözel gyzlar ak sähranyň bägüllerini ýada saldy. Sahnada biri-beýlekisinden täsin, kalbyňy heýjana getirýän gözellik görnüşleri ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda türkmen gelin-gyzlaryna agzybir jemgyýetimizde goýulýan belent hormat-sarpanyň buýsançly tarypyny çeper dilde beýan etdiler. Olaryň tebigy zehinini, ähli ussat-başarnygyny, ýürek joşgunyny siňdirip ýerine ýetiren ajap aýdymlarynda, çeper monologlarynda, şirin şygyrlarynda gözellerimizi buýsanç baýdagymyza deň edýän edep-ekramlylyk, şirin sözlülik, wepadarlyk, hoşsözlülik, şahandazlyk, kiçigöwünlilik ýaly asylly häsiýetleriň tarypyny ýetirdiler.

Gadymy topragymyzda hemme döwürlerde-de belent adamkärçiligiň nyşany hökmünde belentden sarpalanan bu asylly häsiýetler türkmen gelin-gyzlarynyň perisypat keşbine bahar sazlaşygy bolup goşulýar. Talyp gözeller öz aýdymlarynda hem goşgularynda şonuň ýaly-da eşretler zamanamyzyň ynsanperwerlik many-mazmunyny, bagtyýarlyk döwrümize buýsanjyny, sporty, ruhy milli gymmatlyklarymyzy tarypladylar. Olar öz çykyşlarynda mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ikinji şertde ruhubelent talyp gyzlar goluny çyzgap, türkmen milli bereket saçagymyzyň iň bir datly, dertlere melhem hem-de hemmeleriň halaýan tagamy bolan unaş kesmekde ezberliklerini görkezdiler. Belli bolşy ýaly, bu milli tagamy taýýarlamak üçin hamyry ýugurmagyň, el demini aldyrmagyň, ýaýmagyň hem kesmegiň öz inçe tärleri bar. Olaryň birin-birin berjaý edilen ýagdaýynda, tagamyň lezzeti üýtgeşik bolýar. Talyp gyzlaryň görkezen ussatlygyna hemmeleriň göwni dokundy. Olar hamyry ýugurmakda, emaý bilen ýuka ýaýmakda, inçeden ýüpek seçek ýaly ýylmanak hem owadan kesmekde ezberlik görkezip, emin agzalarynyň «berekellasyna» mynasyp boldular.

Üçünji şertde bolsa baýramçylyk sahnasyna ylhamly bahar paslynyň özi dolana döndi. Ter gülleriň arasyna çykan türkmen gözelleriniň peri-peýker keşbinden göwni göterilen tomaşaçylar olaryň her birini joşgunly elçarpyşmalar bilen garşy aldylar. Gözüň ýagyny iýip barýan keşdeler, nepis altyn hem kümüş şaý-sepler uz ýöräp, seýkin basýan gözelleriň owadan keşbine gaýtalanmajak nuranalyk çaýdy. Toý lybaslarynyň görkezilişi boýdan-başa kalby jadylaýjy gözellik joşgunyna öwrüldi.

Eminleriň gelen jemleýji netijesine laýyklykda, «Talyp gözeli — 2017» gözellik bäsleşiginde arzyly Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Maýsa Halbaýewa mynasyp boldy. Birinji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gözel Öwezdurdyýewa, ikinji we üçünji orunlara degişlilikde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Leýli Agyşowa hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Gülşat Geldimyradowa dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.

Nesil” gazeti,

04.03.2017ý.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 79 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 71 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 65 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI