TARYHY DILLERDE DESSAN, DAŞOGUZ

     Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gadymy ýol-ýörelgeleri dikeldilýär. Taryhyň jümmüşine siňen, özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmeniň millilik ýörelgeleri, milli medeniýeti we sungaty taryhda, bu günki ajaýyp döwrümizde dünýä medeniýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeleýär.

     Türkmenistan Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, geçmiş taryhda beýik döwlet bolup, milli medeniýetiň pajarlap ösen, Beýik Ýüpek ýoly arkaly halkara gatnaşyklaryny, dost-doganlyk ýörelgelerini, medeni hyzmatdaşlyklaryny alyp baran beýik millet hökmünde tanalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry özüniň özboluşly medeniýeti bilen aýratyn tapawutlanan medeni ojaklaryň, şäherleriň dörän merkezlerine öwrülip, häzirki günlerde üstünden müňläp ýyllar geçen bolsa hem, geçmişiň ýaňy bilen ýaşaýan ol medeni ojaklar mukaddesligini saklap gelýär.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitabynda şol mukaddes ojaklaryň her biri hakynda gyzykly maglumatlar, rowaýatlar halkyň aňynda, milletiň ruhunda ýaşaýan hakykat bolup beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy barada ýazan kitabyny okanyňda, tutuş ýurdumyzyň medeni ojaklaryna gaýybana syýahat edip, beýan edilýän rowaýatlaryň gahrymanlary bilen gaýybana söhbet kylýarsyň, olaryň başdan geçirmelerini öz durkuňda duýup, gadymyýetiň syrly, täsin we jadyly dünýäsine aralaşýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitabynyň “Daşoguzyň gadymy topragynda” atly bölüminde gadymy Horezm topragynyň esasy gülläp ösen medeni ojagy bolan Köneürgenç barada gyzykly maglumatlar, durmuşy wakalar we rowaýatlar beýan edilýär. “Müň derwezeli şäher” adyny alan Köneürgenç türkmen medeniýetiniň, bilimiň-ylmyň ösüşinde möhüm orunda duran, özüniň binagärçilik sungaty bilen aýratyn tapawutlanýan ajaýyp, özboluşly, gaýtalanmaz binalary özünde jemleýän mukaddes ojakdyr.

      Gadymy Daşoguz topragy şular ýaly medeni ojaklara baý. Ol medeni ojaklardyr gadymy şäherler biziň welaýatymyza mahsus bolan dessançylyk sungatyna siňip, olaryň atlary baky ölmez-ýitmezdir. Çünki dessanlar halkyň dilinde, aňynda ýaşap, ynsanlaryň kalbyna siňendir. Dessanlar arkaly halkyň milli ruhy, edim-gylymlary we ajaýyp däp-dessurlary nesillerden-nesillere geçýändir, asyrlar aşyp, millilik ýörelgeleriniň dowam bolmagyna oňyn täsir edýändir. Daşoguzyň taryhyna siňen, gadymy şäherleriň, galalaryň taryhy bilen berk baglanyşan dessanlar we olaryň gahrymanlary barada hem gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Bulardan Döwkesen galasynyň döreýşi bilen bagly “Perhat we Şirin” dessanyny, Şamahy, Diýarbekir galalarynda bolup geçýän wakalary beýan edýän “Şasenem-Garyp” dessanyny agzap geçmek bolar. Bu dessanyň gahrymanlarynyň atlary bilen baglanyşykly, “Şasenemiň galasy” diýilýän ýer, “Akja geliniň galasy”, “Ezber baba” ady bilen tanalýan ýerler häzirki günlerimizde hem taryh bilen gyzyklanýanlar, syýahatçylar üçin gelim-gidimli ýerlere öwrüldi. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybyň galamyna degişli bolan dessanlar hem şu gadym toprakda dörän ajaýyp eserlerdir. Bu bolsa, Daşoguzyň topragynda dessanlara siňen beýik taryhyň ýaşaýandygyny, ol ajaýyp dessanlaryň diňe bir gyzykly aýdymly kyssalar bolman, gadymyýetiň ýaňynyň biziň günlerimize ýetmeginde uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

      Şeýle beýik geçmişi, baý medeniýeti bolan millet hem beýikdir. Geçmişden şu güne öz mukaddesliklerini ýetirip bilen halkymyzyň nesilleri bolan bagtyýar zamananyň bagtly ýaşlary bu mukaddeslikleri sarpalap, hormatlap, gorap, geljekki nesillere ýetirmeli we Watanyň şöhrat-şanyny has-da arşa götermeli.

      Häzirki ajaýyp zamanamyzda halkyň geçmişine beýik sarpa goýýan, geljegine uly ynam döredýän ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, her bir tutumly işlerinde rowaçlyklar baky ýar bolsun !

 

Gülşat GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Öňki makala

KARTANYŇ TARYHYNDAN

Indiki makala

SPORTDA ÝOKARY TIZLIK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY