Giriş
Uçar ýokary tizlikde uçýar. Otlynyň hem çalt hereket etmeginde tizlik gerek. Ynsan hereketiniň işjeň bolmagynda hem tizligiň täsiri uly. Bu deňeşdirmeler ýöne ýerden getirilenok. “Işjeňlik” we “Tizlik” sözleri birgeňsi ugurdaş sözlere çalym edýär. Haçan-da, işjeň hereket amala aşyrylanda, ol öz çäginden çykyp, ýokary tizlige eýe bolýar. Häzirki döwrümiziň işjeňliginiň “bedew badyna” meňzedilmesinde hem uly many bar. Çünki bedewiň hem tizligi ýokary. Makalanyň sözbaşysyna “Ýokary tizlik” diýmegimiň, gürrüňi tizlik dogrusynda başlamagymyň özboluşly sebäpleri bar. Men bu sözleri özümiň gözli şaýatdygyma esaslanmak nukdaýnazaryndan hut häzirki döwrümiziň ösüşlerine meňzetmek isleginde nygtamak isleýärin.
Durmuşymyzyň her bir güni, her bir sagady, her bir minudy täzelikler bilen baýlaşýar. Şeýle ýokary tizlikli öňe gidişlikleri ýurdumyzyň sport durmuşynda hem duýmak mümkin. Ýurdumyzda giň gerim alan sport syýasaty raýatlarymyzyň durmuşynda aýratyn orun aldy. Ýurdumyzyň her bir künjeginde parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň nusgasy bolup çykyş edýän sport gurşawy emele geldi. Turuwbaşdan sport syýasatynda täzeçillik döwri başlandy. Täze oý-pikirler, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, täzeçe dünýägaraýyşlar we sporty ösdürmegiň, has-da dabaralandyrmagyň aýdyň ýolunda döredilýän amatly mümkinçilikleriň giň gerim alýan döwründe dünýäniň öňdebaryjy tejribelere esaslanan täzeçe, döwrebap çemeleşmeler kemala geldi. Şeýle ägirt uly üstünliklere gysga döwürde ýetilmeginiň özi, ýurdumyzyň ösüşleriniň ýokary tizligini alamatlandyrýar. Makalanyň sözbaşysynyň manysy hem şunda.
Sport ýaş türkmenistanlylaryň durmuşynda
Täzelikler täze durmuşyň başlanýandygynyň buşlukçysydyr. Şeýle buşlukly hoş habarlary indi diňe bir gündelik däl, eýsem her sagatda eşitmek mümkin. Hakykatdan hem, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasady, başarnygy, örän oýlanyşykly pikir ýordumly syýasaty we syýasy erki bilen, bagtyýar döwrümizde eziz ülkämiz “döwrüň ýokary tizliginde” düýni şu gününden, şu güni ertirinden has bagtly pursatlary eçilip, bagtly geljege barýar. Günsaýyn, sagatsaýyn, sekuntsaýyn ýurdumyz barha ösýär. Ine, şeýle eşretde döwür bagtyýar, halk bagtyýar. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan türkmenistanlylaryň her bir güni rowaçlyklara beslenýär. Sport durmuşy hem raýatlarymyzyň durmuşynda özboluşly “durmuş gurşawyna” öwrüldi. Indi köp sanly raýatlarymyzyň durmuşy ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar bilen gurşalan. Munuň şeýledigine, olar bilen söhbetdeş bolanyňda hem, magat göz ýetirýärsiň.
Öz dogduk obamda bolanymda, çagalykdan maňa bilim beren mugallymlarym bilen didarlaşmak maksadynda ýakynda orta mekdebime bardym. Gysga wagtda ähli zat üýtgäpdir. Hat-da, bu ýeriň tebigaty hem birgeňsi üýtgeşik bolup duýuldy. Tämiz howasyndan uludan dem aldym-da, mugallymlar bilen söhbetdeş bolmaga durdum. Olar meniň okuw-iş aladalarym bilen gyzyklandy. Şol wagt olaryň geçýän derslerine gatnaşmaga bir pursatlyk rugsat bermegini soradym. Sebäbi meniň maksadym okuwçylar, esasan-da, uly synpdaky okuwçylar bilen gürrüňdeş bolmakdy. Döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, men okuwçylara ýurdumyzyň sport üstünlikleri, onuň halkara abraýymyzyň artmagyna berýän ýardamy dogrusynda gürrüň berip başlanym şoldy welin, bir oglanjyk elini galdyryp, menden öňürti Aziada – 2017 oýunlarynyň ýurdumyzda giň gerimde geçirilendigini we teleýaýlym arkaly ähli ýaryşlary synlandygyny buýsanç bilen ýatlady. Ol esasan-da, “Türkmenistan: Sport” teleýaýlymyna yzygiderli syn edýändigini, bu teleýaýlymda berilýän sport ýaryşlaryny görmegiň özi üçin uly lezzetdigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, öz gürrüňiniň arasynda özüniň ussat türgen bolmak isleýändigini, munuň üçin bolsa, okuwyndan boş wagtlary sport bilen meşgullanýandygyny, hat-da, wagtyny bihuda geçirmezligi üçin goşmaça dutar çalmagy öwrenýändigini gürrüň berdi. Şeýle-de, iňlis we rus dillerine höweslidigini aýratyn nygtady.
Mekdep okuwçysynyň durmuşyndan getirilen bir mysalyň özi okuwçylaryň öz ýanyndan düzen gündelik iş tertibiniň bardygyny we şol tertipde wagtyny ajaýyp işler bilen geçirýändigini görkezýär. Ýagny okamak, okuw gurnaklaryna gatnaşmak, sportuň haýsydyr bir görnüşine gyzyklanmak, türgenleşmek, okuw sapaklarynda berlen öý işlerini wagtynda özleşdirmek, şonuň ýaly-da, gazet-žurnallarda gyzykly makalalary okamak, teleýaýlymda täsirli gepleşiklere syn etmek ýaly gündelik iş tertibi mekdep okuwçylarynyň däp bolan asylly endigine öwrüldi. Bu asylly endik geljekde onuň kämil şahsyýet bolmagyny şertlendirýär. Şol bir wagtda, saýlap alan hünäri boýunça ussat hünärmen bolmagyna hem ýardam berýär. Bu sport babatynda hem şeýle.
Sözümizi jemlesek, Aziada – 2017 we ýene-de köp sanly halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmegiň salgysy bolan Türkmenistan dünýäniň üns merkezinde. Biz hem, şeýle bagtyýar döwletde ýaşaýandygymyza begenýäris we buýsanýarys. Türkmen sportuny belent derejelere galdyryp, onuň dünýädäki abraýyny barha artdyrýan hormatly Prezidentimize bolan hoşallygymyz çäksizdir.
Gurbanmyrat GURBANOW,
žurnalist, ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijisi,
TMÝG-niň işjeň agzasy.