Ýaşlar Watanyň geljegidir. Ýaş nesliň asylly ýörelgelerden ugur alýan ählihalk çärelere işjeň goşulyşmagy çäksiz buýsanç döredýär. Munuň özi, döwletimizde sagdyn pikirli, kämil, asylly terbiýeli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletli tutumlara goşulyşyp, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, asylly işleri bitirýän ýaşlary göreniňde, geljegimiziň geljeginiň berk binýatlydygyna bolan ynamyň has-da artýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binagärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa, türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyryp, olary ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy ödemäge borçlandyrýar.
Bilim-terbiýeli, watansöýüji ýaşlar Watanymyzyň guwanjydyr hem buýsanjydyr. Olar ýurdumyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi mynasyp käri saýlap, Watanymyzyň ösüşine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar». Häzirki wagtda döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, ösüşlere goşant goşmaga ýardam berýär. Hut şonuň üçin hem, häzirki ajaýyp döwrümizde bilimli ýaşlara buýsanýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halypa-şägirt gatnaşyklary ösdürilýär, türkmen ýaşlarynyň geljegine uly umyt baglanýar. Biz ýaşlar hormatly Prezidentimiziň özümize bildirýän belent hem-de mukaddes ynamyna okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, döretmek bilen jogap berýäris.
Eziz ýurdumyzy bagtyýarlyk ýoly bilen bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biz bilim işgärleri ak ertirimiz, şanly geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi watançylar, zähmetsöýer, beýik ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine wepaly ogul-gyzlar edip ýetişdirmekde halal zähmetimizi, janymyzy gaýgyrmaly däldiris. Her bir ynsanyň halk, Watan öňündäki baş borjy hem şondadyr.
Bizi eşretli durmuşa, bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatdaky il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Dünýä MYRATGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.