TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ SUNGATDAKY WASPY

     Türkmen sungatynyň gülläp ösýän zamanynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy” atly döredijilik sergisi açyldy. Türkmen alabaýy wepadarlygyň, batyrlygyň hem-de edermenligiň nusgasy.  Türkmen halky öý-ojagyny, mal-mülküni alabaýyna ynanýar. Alabaý hakynda türkmen alymlary bilen bir hatarda daşary ýurtly alymlar hem öz pikirlerini beýan edipdirler.  Milli gymmatlygymyz bolan alabaýlary gorap saklamak, geljek nesillerimize ýetirmek, dünýä ýüzüne at-owazasyny doldurmak häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy” atly döredijilik sergisi yzygiderli gurnalýar. Oňa akademiýanyň talyplary bilen bir hatarda halypa mugallymlary hem döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Bu bolsa milli buýsanjymyza suratkeşleriň seslenmesi bolup durýar.

     Sergilenen taslamalar şekillendiriş sungatynyň we amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri, şeýle-de binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça ýerine ýetirilip, eserlerde alabaýyň merligini, wepalylygyny, durmuşymyzdaky ornuny beýan edýän şekiller görkezilýär.  Taslamalaryň her biri özboluşly öwüşgini we täsinligi bilen tapawutlanýar. Olardan esasan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Şöhle Bakkalowanyň  «Çöle syýahat» atly nakgaşlyk eseri, şol kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Rozybaý Kubandurdyýewiň “Türkmeniň wepaly alabaýy” eseri, 3-nji ýyl talyby Baýly Aýnazarowyň «Türkmen alabaýlary» atly eseri,  “Grafika” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Perman Annagylyjowyň «Çopan alabaýy» atly eseri, “Heýkeltaraşlyk”  kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Bekmyrat Bekmyradowyň “Miras” atly heýkel eseri, 5-nji ýyl talyby Serdar Jumaýewiň “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Göwher Ýagmyrowanyň “Dostluk” atly gobelen eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, milli gymmatlygymyza ýaşlaryň buýsanjy bolup ýaňlanýar.

     Elbetde ýurdumyzda şeýle gymmatlyklarymyzy wasp etmek, döredijilik eserlerde beýan etmek üçin uly mümkinçilikler döredilen. Bu zatlaryň ählisi bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesidir.

 

Narmyrat ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY