BILIM – ÖSÜŞE AK ÝOL

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, beýik ösüşleriň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, ösen innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi döwletimiziň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

     Merdana halkymyz öz şöhratly taryhynyň dowamynda ylyma, bilime, döredijilikli zähmete aýratyn sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Ösüşler we özgerişler ýoly bilen ynamly öňe barýan bagtyýar halkymyz bu asylly ýörelgesini häzirki döwürde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirýär.

     Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzda sowatly, edep-ekramly, ýokary medeniýetli, sagdyn bedenli we päk ruhly bagtyýar nesil kemala gelýär. Gahryman Prezidentimiziň beýik göreldesine eýerýän ýaşlarymyz bu gün dünýäniň ýaşlary bilen birlikde dürli ugurlar boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen Türkmenistan döwletimiziň abraýyny arşa galdyrýarlar. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, döwrebaplaşýan milli bilim ulgamynyň belent sepgitlere ýetýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, orta bilimiň möhletiniň on iki ýyla çenli uzaldylmagy hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan ýaş nesliň çuňňur alada bilen gurşalyp alynýandygyny aýdyň görkezýär. Ertirki gün ýaşlarymyzyň arasyndan lukmanlar, kosmonawtlar, nebitçiler, gurluşykçylar, diplomatlar, žurnalistler öňe çykar. Dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almaga we dürli hünärleri öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.

     Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi, has-da kuwwatlanmagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY