TÜRKMEN SPORTUNYŇ DÜNÝÄ YKRARNAMASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen ýaşlarynyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk  gelýän sport toplumlary yzygiderli gurulýar. Şeýle toplumlar diňe bir gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini däl, eýsem, ähli welaýatlarymyzy, obalarymyzy bezeýär. Bularyň ählisi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu bolsa, ýaş türgenlerimiziň ussatlyk bilen kämilleşmegine ýardam berýär.

     Baş maksat bolsa, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdir. Ýaşlar bolsa, ýurdumyzyň geljegidir. Hut şu esasda, ýaşlary sporta giňden çekmek bilen uly tagallalar edilýär. Bu bolsa, olaryň sagdyn ruhda ýaşamagyna, zyýanly endiklerden daşda durmagyna we sporty gündelik endige öwürmegine giň ýol açýar. Saglyk – uly baýlyk. Adam sagdyn bolsa ruhubelent, şadyýan, göwnaçyk we maksadokgunly bolýar. Sport bolsa, sagdynlyga kuwwatly itergi berýän güýç.

     Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem, bu ugurda anyk we netijeli ädimdir. Şunlukda, ýurdumyz üçin wajyp ähmiýete eýe ugur bolup durýandygy bilen baglylykda, bu babatda halkara sport hyzmatdaşlygyny alyp barmaga giň ýol açylýar. Munuň şeýledigini, hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletlerine amala aşyrýan resmi saparlarynyň maksatnamasynda sportuň hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda aýratyn orun almagy aýdyň görkezýär. Bu bolsa, milli sportumyzy ösdürmegiň kämillik ýolunda dünýäniň ösen isleglerinden we talaplaryndan ugur edinýän halkara sport giňişligine aralaşmak üçin zerur bolan halkara tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Bu babatda milli tejribämizi dünýä tejribesi bilen sazlaşykly ýola goýmak esasy maksat bolup durýar. Bu maksat häli-şindi geçirilýän halkara duşuşyklarda, daşary syýasy geňeşmelerde ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biriniň sport ulgamydygy bilen şertlendirilýär. Ýaşlar saglygyny berkitmekde döwletimiziň ýeňillikli mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Şeýle mümkinçilikler dogrusynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» hem aýratyn bellenilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, türkmen sportunyň daşary syýasy ugry kemala gelip, bu günki gün ähli ösüşler babatda dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. Şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2024 | 4339 okalan

TÜRKMEN SPORTUNYŇ DÜNÝÄ YKRARNAMASY

16 Oktýabr 2024 | 832 okalan

BILIM – ÖSÜŞE AK ÝOL

16 Oktýabr 2024 | 82 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ SUNGATDAKY WASPY