MUZEÝE GEZELENÇ GURALDY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplaryna Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeni mirasym – gymmatly hazynam» atly şygar astynda gezelenç çäresini gurady. «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen guralan bu gezelenç çäresinde talyp ýaşlar geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakda söz açýan arheologiki tapyndylar, fotosuratlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Esasan hem, talyplaryň saýlap alan kärlerine degişli dürli saz gurallarynyň eksponatlary olarda has-da ýiti gyzyklanma döretdi. Muzeýiň ýörite wekili bolsa, talyplaryň gyzyklanýan sowallaryna giňişleýin jogap berdi.

     Şeýle gezelenç çäreleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli guralýar.

 

Hurşida ATAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar