BEÝIK PYRAGA BAGYŞLANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde, etrabyň medeniýet merkezinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, “Pyragy hem Arkadag, göwünlere şamçyrag” atly şygar astynda aýdym-sazly çäre geçirdi. Oňa ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda dürli kärlerde zähmet çekýän adamlar we ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy, Pyragynyň ömri-döredijiligi, dünýä ýüzünde öwrenilişi, döwlet, halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreler dogrusynda giňişleýin we buýsançly bellediler. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat wekilleriniň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdym-sazlar belentden-belent ýaňlandy.

 

Gylyç GYLYJOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar