MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ DABARALANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň häkimligi, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezinde türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, «Türkmen alabaýlary – milli gymmatlyklarymyz» atly baýramçylyk çäresini geçirdi. Onda ilki gutlag çykyşlaryna giň orun berlip, çykyşlarda ynamyň, wepalylygyň, edermenligiň we dostlugyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň waspy ýetirildi. Welaýatyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary milli mirasymyz we buýsanjymyz bolan türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar