Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, ýerli şäher we etrap Geňeşleriň başlyklarynyň gatnaşmagynda, Daşoguz welaýat kitaphanasynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, «Türkmen alabaýy – wepalylygyň we batyrlygyň nyşany» şygary astynda, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini gurady. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän bu baýramyň giň many-mazmuny we taryhy ähmiýeti, ynamyň, wepalylygyň, edermenligiň we dostlugyň nyşany bolan, şeýle-de, ÝUNESKO-nyň sanawyna dalaş edýän türkmen alabaýy, milli mirasymyz we buýsanjymyz bolan alabaýlary gorap saklamakda we geljek nesillerimize ýetirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin bellenildi.
Ýakup ATABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.