Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, welaýat kitaphanasynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda ýetilen sepgitleri, öňde durýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty – Watanymyzyň beýik ösüşleriniň berk binýady» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlaryň özenini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebis bolup, her bir aýdýan pähim-paýhasly öwüt-nesihatlaryny hemra edinip, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşýan ýaşlar we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýetilen sepgitler, öňde durýan anyk we aýdyň maksatlar, döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde ýaşlaryň orny baradaky täsirli gürrüňler düzdi.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.