«PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI» DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ GÖROGLY ETRAP TAPGYRY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Görogly etrap tapgyryny geçirdi. Oňa bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, mekdep tapgyrynda ýeňiji bolup, etrap tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň eminler topary okuwçy ýaşlaryň «Dünýä dursun parahat» atly temada ýazan düzmelerine, çeken suratlaryna hem-de ýasan maketlerine baha berip, bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijilerini ýüze çykardylar. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar