Milletimiziň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen we müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýän atşynaslyk däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sungatynyň milli däplerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler milli gymmatlyklarymyza goýulýan uly sarpadan nyşandyr.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky döwürde dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanma has-da artýar. Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň katalogyny — olaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen, arassa ganly ahalteke bedewleriniň, dünýä atşynaslygynyň has görnükli wekilleriniň saýlama tohumlarynyň jikme-jik sanawyny düzüp, owadan hem-de esasly nesil daragtyny döredip başlamalydygy barada tabşyryk bermegi, bizi örän buýsandyrdy. Şeýle neşiriň taryhy taýdan hem uly ähmiýetiniň boljakdygy bellidir. Bu katalogyň degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrylmagy bilen, katalog halkara derejesinde ykrar ediler, oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar. Bu neşirde halkymyzyň ahalteke atçylygyny häzirki döwürde ösdürmekde eýeleýän ornuny, bu asylly tohum atlary gorap saklamak we ösdürmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan görülýän çäreleri düýpli esasda görkeziler.
«Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” täsin medeni gymmatlykdyr hem-de türkmen halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr» diýip hormatly Prezidentimiz belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin ÝUNESKO ýüzlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemegi hem guwandyryjydyr.
Häzirki döwürde köp ýurtlarda atçylygy, bu pudagyň ylym we okuw binýadyny, atçylyk sport toparlaryny galkyndyrmaga uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmen atçylyk däpleri, atlary türgenleşdirmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda tohum atlarynyň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, milli atşynaslygynyň halkara atçylyk pudagyna ýakynlaşmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, halkara atçylyk sportunda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip bilýän ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanylmagyna, halkymyzyň gadymy däplerinde ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ahalteke atçylyk ulgamynda netijeli işleri alyp barmak üçin ylmy-barlag merkezini ýa-da ýokary okuw mekdebini açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmek barada görkezme bermegi, ýaşlar üçin döredilýän täze mümkinçilikdir. Halkymyz milli atşynaslyk däplerini mynasyp dowam etdirmäge uly üns berýär. Geçen ýyl gadymy Parzdepe sebitinde Kärizek geňeşliginiň döredilmegi, ussat seýis Aba Annaýew adyndaky döwrebap obanyň açylyp, ulanmaga berilmegi döwrümiziň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi öwrenmekde gymmatly gollanma öwrülen «Türkmen medeniýeti» kitabynda belli seýis hakynda şeýle beýan edilýär: «Kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň milli seýisçilik sungaty barada heniz 6-7 ýaşlarymdaka beren gyzykly gürrüňleriniň bu sungatyň inçe tärlerine aralaşmaga uly höwes döredendigini men buýsanç bilen ýatlap, öz çagalaryma, agtyklaryma gürrüň berýärin. Sebäbi meşhur türkmen ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna biziň şejerämiziň hem uly goşandynyň bardygyny aýtmak maňa örän ýakymlydyr. Muňa meniň atam Berdimuhamet Annaýewiň erkek dogany belli seçgiçi — atşynas Aba Annaýewiň bu ugurda gazanan üstünlikleri we şägirtlerine miras galdyran tejribeleri barada yzgantlylaryň ýaşuly nesli henizem buýsanç bilen ýatlaýarlar. Aýdyşlaryna görä, Aba seýsiň athanasynda azyndan aýlaw baglaýan atly bedewleriň 40-50 sanysy bolupdyr. Onuň seýislän atlary ýaryşlarda öňüne at geçirmän gelipdir. Yzgantda tutulan uly toýlarda ähli Ahal obalaryndan atly seýisleriň «men» diýen atlarynyň çapyşyklarynda Aba seýsiň ýetişdiren bedewleri elmydama ýeňiş gazanypdyr. Toý günlerinde Gökdepäniň etrap merkezinden Yzganda gaýdan ýoluň ugry boýunça çylşyrymly tilsimleri ulanyp, atyň aýaklaryny agyrtman geçmeli çekeleşikli bäsleşiklerde Aba Annaýewiň seýislän bedewi ilkinji bolup pellehana geler eken. Şonda, ussat halypa Ahal topragynda iň ýyndam aty seýisländigi üçin toý eýeleriniň adyndan baş baýrak ýapylypdyr. «Baýrakdan öň abraý geler» diýlişi ýaly, şeýle dartgynly bäsleşiklerde bedewi hemişe öňe çykan Aba seýsiň şöhraty dag aşyp, ol baradaky ýatlamalar halkyň hakydasynda henize çenli saklanyp gelýär».
Milli Liderimiziň 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda, gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanynda atly ýörişe gatnaşyjylara üstünlik arzuw edip, ak pata bermegi bilen badalga berlen taryhy ýöriş welaýatlarda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyz boýunça atly ýörişiň gadymy Nusaýdan başlanmagynda hem özboluşly many-mazmun bar. Köpetdagyň etekleri, Ahal ýaýlasy ahalteke bedewleriniň dörän ýeri hasaplanylýar. Gadym döwürlerde “Nusaý atlary”, “Asman atlary”, “Uçýan atlar” diýlip atlandyrylan atlar dünýäde arzyly at bolupdyr. Halkymyzyň mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde we milli gymmatlyklarymyzy halkara derejesinde wagyz etmekde giň mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Nepesguly AMANNEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň 5-nji ýyl talyby.
“Nesil” gazeti,
21.03.2017ý.