Ýaşlar — uly dostluk

Golaýda Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has -da ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşler ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen özara peýdaly, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hytaý Halk Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Biziň döwletlerimizi syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky oňyn gatnaşyklar birleşdirýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda bolup, türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ýaşlar guramalarynyň arasyndaky netijeli we özara peýdaly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Ýörite işlenip taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary paýtagtymyzyň muzeýlerine, dynç alyş we söwda merkezlerine, beýleki ajaýyp ýerlerine baryp gördüler. Şeýle hem olar Mary welaýatynda bolup, Milli bahar baýramy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň bellenilen günlerinde ýurdumyzda hytaýly ýaşlaryň myhmançylykda bolmagy Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn netijeleridir. Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar özlerinde galan ýakymly täsirler barada guwanç bilen gürrüň berdiler:

Zhang ÝING,

Çunsin şäheriniň komsomol mekdebiniň hünärmenleri taýynlamak bölüminiň müdiri:

— Türkmenistanda bolan günlerimiz meniň üçin ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalara beslendi. Ahalteke atlary mende uly täsir galdyrdy. Men behişdi türkmen bedewleri barada ozal köp eşidipdim, olar barada birnäçe kitaplary okadym. Ýöne bu atlaryň gözelligini, inçeden syzgyrlygyny we düşbüligini hiç bir söz bilen beýan edip bolmajagyna olary gören badyma göz ýetirdim. Olar «asman atlary» adyna doly mynasyp. Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary — örän özüne çekiji we beýik sungat eseri. Munuň özi türkmen halkynyň örän gadymy hem baý medeni mirasynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Biziň halklarymyzy parahatçylyga hem abadançylyga, ösüşlere hem üstünliklere bolan synmaz erkimiz birleşdirýär! Bizi dostluk birleşdirýär! Hoşniýetli gatnaşyklar bolsa döwletler üçin iň berk, iň ygtybarly köprüdir.

Kin ÝUAN,

Syçuan Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rus dili kursunyň talyp komsomol bölüminiň sekretarynyň orunbasary, talyp:

— Biz myhmansöýer türkmen topragyna gelendigimize örän buýsanýarys. Aşgabadyň gözelligi, adamlaryň mähirli ýylgyryşlary türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Biz türkmen ýaşlary bilen duşuşyp, olar üçin döredilýän ähli mümkinçilikler bilen tanyşdyk. Milli egin-eşikler türkmen ýaşlaryny has-da bezeýär, gözel görkezýär. Munuň özi milli däp-dessurlara bolan uly hormatdan nyşan. Ýaşlaryň kämil bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler döwlet derejesinde ýaş nesil barada çäksiz alada edilýändigine şaýatlyk edýär.

Biz şu saparyň dowamynda türkmen ýaşlary bilen ýola goýan dostlugymyzyň geljekde halklarymyzyň dost-doganlyk hyzmatdaşlygyna saldamly goşant boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralar bizde aýratyn ýakymly täsir galdyrdy. Bize türkmen topragynda bolmaga hem-de şeýle ajaýyplyklary görmäge ähli mümkinçilikleri döredendigi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýarys. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ebedi bolsun!

“Nesil” gazeti,

23.03.2017ý.

Öňki makala

ŞÖHRATLY BEDEWLER

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 53 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 46 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 43 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI