SPORTY ENDIGE ÖWÜRSEŇ...

     Hawa, makalanyň sözbaşysyndaky soňlanmadyk jümläniň dowamynda giden bir uly many-mazmun jemlenen. Şonuň üçinem hem bu jümläniň dowamyny makala öwrüp, okyjylara ýetirmegi makul bildim.

     Sporty endige öwürmeklik öňi bilen, ynsan üçin iň bir gymmatly baýlyk hasaplanýan jan saglygy gorap saklamaklygyň iň bir ygtybarly serişdesi hasaplanýar. Meşhur alym, tebip Lukman Hekim «Gerek ýerinde hereket däri-dermanyň ornuny tutup biler, emma hiç bir däri-derman hereketiň ornuny tutup bilmeýär» diýip belläp geçipdir. Alymyň bu sözlerinde  gönüden-göni bedenterbiýe maşklarynyň ähmiýeti barada aýdylýar. Çünki mydama hereketde bolýan beden yzygiderli taplanyp, dürli kesellere garşy göreşmeklige ukyply bolýar. Şonuň üçin hem, her bir adam ýaşlygyndan gündelik gün tertibine bedenterbiýe maşklaryndan orun bermelidir. Ynsana sagdyn bolmak üçin, uzak ömür sürmek üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, wagtynda dynç almak, sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklik zerur şertleriň biri bolup durýar.

     Sporty endige öwürmekligiň geljekdäki oňyn täsirini öňdengörüjilik bilen aýdyň gören, ähli mümkinçilikleri döredip bermek bilen bir hatarda, şahsy görelde görkezýän alym hem lukman Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny gorap saklamaklygy ähli zatdan ileri görüp, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige ýokary derejede üns berýär. Netije-de, sanlyja ýylyň içinde mermer  paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlap, welaýatlarymyzda, şäherlerimizde, etraplarymyzda ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, sport desgalary bina edilip, ulanylmaga berilýär. Mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheri bolsa, halkara derejelerindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şol sport mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýan türgenlerimiz dünýä döwletlerinde halkara ýaryşlarda döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda milli buýsanjymyz bolan ýaşyl tugumyzy has-da belende göterýärler.

     Ine, sporty endige, ýakyn hemraňa öwürseň, ynsana çäksiz lezzet paýlaýan şirin nygmatdyr. Bu bagt paýlaýan nygmatlar diňe bir bular bilen çäklenmeýär. Her bir ýeňiş, indiki ýeňşiň badalgasy bolup, ynsany geljekdäki ýeňişlere, üstünliklere, mydama ruhubelentlige, özüňe ynamly bolmaklyga, bagtyýarlyga çagyrýar.

     Şu aýdyň hakykaty görmek, duýmak, sporty endige öwürmek, beýlekileri hem sagdynlyga, bagtyýarlyga ündemek her bir adamyň öňünde durýan borjy hasaplanýar. Köp sanly agzany özünde jemleýän ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri ýaşlaryň arasynda sportuň ähmiýetini wagyz etmek, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýurdumyzyň sportdaky abraýyny has-da belende göterjek türgenlerimiziň sanyny artdyrmak maksady bilen, dürli sport ýaryşlaryny, sportakiadalary, çempionatlary yzygiderli geçirip gelýär. Bu geçirilýän ýaryşlar, sport çäreleri hem öz oňyn netijelerini berýär. Şu aýdyň hakykaty ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek üçin, şu «Sporty  endige öwürseň...» diýen jümlä şeýleräk düşündiriş berdim. Makalamyň başynda aýdyşym ýaly, bu jümlämiziň dowamy gaty uzyn we giň mana eýe. Her bir ýaş nesliň wekili bu jümläniň dowamyny öz durmuşynda şygara öwrüp, söz bilen däl, şahsy göreldeleri bilen dowam etdirse, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan ata Watanymyza mynasyp perzentler bolarlar. Her bir türkmenistanlynyň sagdyn bolmagy, türkmen ýaşlarynyň sporty endige öwürmekleri, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň we döwletimiziň bähbitlerini nazarlaýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

 

Serdar GARLYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY