Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar. Milli Liderimiz tarapyndan milletiň dilini, taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmäge we ony ösdürmäge berilýän üns täze mazmuna eýe bolýar.
Türkmeniň alabaýynyň ynsana dost, wepalylygy bilen, öýüniň we sürüsini goramakda uly kömek berýän jandarlaryň biridir, şonuň üçin alabaýy gadymy döwürlerden şu günki günlerimize çenli, şekillendiriş sungatynda uly orun alyp gelipdir. Türkmen alabaýlarynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlanýar.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýä tanatmak, ony gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenler doga zehinli seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döretdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini hem ýitirmän saklamagy başardylar. Türkmen alabaý itleriniň döwlet tarapyndan goralýandygy we bu ugruň ösdürilmegine uly üns goýulýan hormat buýsandyryjy ýagdaýlaryň biridir.
Türkmen alabaýlarynyň gözelligini, edermenligini we gahrymanlygyny wasp edýän döredijilik eserleri her ýyl türkmen alabaýynyň güni mynasybetli geçirilýän döredijilik sergi bäsleşiklerinde görmek bolýar. Türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper wasp edýän halyçylar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, neşirýat işgärleri, teleoperatorlar we döredijiligiň dürli ugurlary boýunça işleýän, okaýan döredijilik adamlarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirilýär.
Bu döredijilik bäsleşigi türkmen alabaýlarynyň wepadarlygyny, edermenligini, batyrlygyny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak, ýaş nesilleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary çuňňur hormatlamak ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryny çeper beýan etmek, şeýle hem ata Watanymyzda amaly-haşam, şekillendiriş sungatyny ösdürmek, neşir önümleriniň we telegepleşikleriň täsirliligini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Biz hem öz gezegimizde sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup, döredijilik işlerimizi taýýarlaýarys. Şolaryň arasynda zehinli talybymyz “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Çarkulyýewa Ogultäç milli-mirasymyz bolan türkmen alabaý itleriniň keşbine bagyşlap “Wepaly” atly nakgaşlyk eserini inçelik bilen ýerine ýetirýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly alabaýlarynyň gadymy döwürlerden şu günlerimize çenli özüniň wepalylygy, edermenligi bilen nusga bolýan keşbini talyp ajaýyplyk bilen suratlandyrýar.
Ýaş suratkeş, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda şeýle sözler bilen “Halkymyz asylly adamkärçilik ýörelgelerine wepalydyr. Batyr, edermen adam öz iline, eziz Watanyna wepalydyr. Wepalylyk bir günde kemala gelen düşünje däldir. Durmuşyň tejribesi ynsana wagty külterläp, haýsy hüý-häsiýetleriňe wepaly bolmalydygyň sapagyny öwredýär. Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarynda bolsa, bagtyny görüpdirler. Halkymyzda “It geldi, gut geldi” diýilýär. “Gutly bolsun” diýen arzuw-dilegimizde şol gadymy sözüň köküniň ýaşaýandygyny okyja mälimdir diýip pikir edýärin. Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir. Alabaýyň wepalylygy, görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçýän tälim bolup hyzmat edýär” diýip belläp geçen parasatly sözlerinde ugur alyp türkmen alabaýynyň keşbini kendire uly höwes siňdirip ýerine ýetirýär. Ýaş talybymyz öz döredijilik eserinde ýerine ýetiren her bir şekiline uly ünsli çemeleşýär. Alabaý itleriniň durmuşynda merdanalyk, edermenlik alamatlaryny, seredişinde bolsa wepalylygyny açyp görkezmäge çalyşýar.
Şeýle-de alabaý itleriniň yzky meýilnamasynda taryhy ýadygärligimiz bolan Seýitjemaleddin metjidiniň görkezilmegi, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny açyp görkezmek bilen olara goýulýan sarpanyň nä derejede ýokarydygyny suratlandyrmak isleýär. Eserde asuda, parahat asmanymyzy, owadan gyzaryp duran şapagy, ymgyr gum depelerini ajaýyp öwüşgün bilen bezeýär. Zehinli ýaş talybymyz Çarkulyýewa Ogultäç ýerine ýetiren bu döredijilik eseri, ýaş nesillere halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary çuňňur hormatlanýandygyny açyp görkezmegi özüne maksat edinýär. Milli baýlygymyz bolan türkmen alabaý itlerini döredijilik joşguny bilen çeper beýan edýär.
Amangül GOÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.