«SÖÝÝÄN GÜÝZ PASLYNY, SARYLYGYNY...»

Bu güýz öňkülerden başgaça geldi,

Sowgat edip duýgularyň sandygyn.

Güýzüň zerli lybasynda duýdum men,

Duýgusyz ynsanyň gury sandygyn.

     Tyllaýy lybasyny geýen güýz jadyly keşbi döredip, gyşyň gelerine taýýarlyk görýär. Köpler güýz paslyny ýylyň iň romantik möwsümi hasaplaýarlar. Haçanda sary ýapraklar ýeri örtende, aýnadan bolsa tebigaty ýuwýan ýagyşyň şybyrdaýan sesini eşideniňde täsin duýgularyň dünýäsine aralaşanyňy duýman galýarsyň. Şu ajaýyplygy bize eçilýän tylla güýz barada täsin maglumatlary bilmek has täsirli bolsa gerek:

  • Geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, bu döwürde adamlaryň gorkusy gowşaýar.
  • Poeziýada we aýdym-sazda gam-gussa adatça güýzüň üsti bilen suratlandyrylýar.
  • Statistiki maglumatlara görä, köp toýlar güýz paslynda edilýär.
  • Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda doglanlar beýlekilere garanda uzak ýaşaýarlar. Şeýle-de bu pasylda dünýä inen çagalaryň immuniteti hem ýokary bolýar.
  • «Güýz» sözi köp sanly halklaryň dilinden gelip çykyp, «hasyl möwsümi» diýen manyny berýär.
  • Astranomik güýz pasly adaty senenamadan 3 hepde giç düşýär.
  • Syýahatçylaryň pikiriçe, iň täsir galdyryjy, ajaýyp güýz Gündogar Kanadada we Angliýada bolýar. Bu ýerler başga ýerlerde seýrek duş gelýän owadan gülleri bilen meşhurdyr.

     Güýz duýgular äleminde döredijiligi açmaga we özüňi tapmaga ýardam edýär. Çünki güýz – duýgularyň gaýnap-joşýan pasly, onda tebigat we özüň barada gyzykly maglumatlary bilmek bolýar. Güýz pasly diňe bir gözellik we rahatlyk däl, eýsem saglyk we uzak ömür hem berip biler. Bu pasyl gyzgyn söýginiň we mähiriň paslydyr.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämet Azady adyndaky TMDDI-niň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY