AMALY-HAŞAM SUNGATYNA DEGIŞLI GYMMATLYKLAR SERGILENDI

     Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de Ýaşlar baradaky döwlet syýasatydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde hem Gahryman Arkadagymyz Ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi.

     Şolaryň hatarynda ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, şöhratly taryhymyzyň täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenilmegi hem-de ylmy taýdan beýan edilmegi bilen baglanyşykly uly wezipeler bar. Hut şol nukdaýnazardan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan «Amaly haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy» atly sergä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem işjeň gatnaşdy. Ýaşlar köpçüliginiň gatnaşan bu sergisinde amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar sergilendi.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY