ZENAN MERTEBESINIŇ GORAGY UGRUNDA

     Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäheriniň bölüminiň, Arkadag şäher prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaşlara ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy «Zenan edebi durmuşyň göwher gaşydyr» ady bilen geçirildi. Onda zenan sarpasy, maşgala gymmatlygyny goramakda, nesil terbiýesinde zenanlaryň orny dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY