«TÜRKMEN ALABAÝY – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY»

     Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bu duşuşykda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, olary goramak babatda alnyp barylýan işler, şolaryň hatarynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan türkmen alabaý itleri, olaryň tebigy aýratynlyklary we şan-şöhraty dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir.

     Şeýle-de çykyş edenler milli gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy we medeniýetimizi dikeltmekde we gorap saklamakda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY