ÝAŞLAR SYÝASATYNY KÄMILLEŞDIRMEK – ÝAŞLARYŇ BAŞ MAKSADY

     Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, Arkadag şäheriniň Ýer serişdeleri müdirliginde bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek hem-de oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek babatda maslahatlaşyldy hem-de teklipler öwrenildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY