Päkligi, şatlygy, bagtyýarlygy çagasyna deňeýän türkmen halky asyrlarboýy bala çagasyny aýratyn söýüp, onuň üçin bagtyýar geljegi üpjün etmek maksady bilen ähli yhlasyny gaýgyrmandyr. Bu asylly häsiýet Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda körpelerimiziň bagtyýar çagalygyny, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini gazanmak, sowat, bilim, ylym almakda ähli amatlyklary we şertleri döretmek ugrunda zerur tagallalaryň ählisini amala aşyrýarlar. Bu babatda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkara iri guramalar bilen hyzmatdaşlyklar giň gerime eýe bolýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, çagalar baglary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri dünýäniň iň kämil tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda çagalar dynç alyş merkezleriniň, oýun meýdançalarynyň, sport sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilmegi bolsa, bu işleriň giň gerime eýe bolýandygyny äşgär edýär. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde, her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni döwlet derejesinde şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle dabaralar Arkadag şäherinde hem giň gerime eýe boldy.
Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Arkadag şäheri – bagtyýar çagalaryň şäheri» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy hem ýokary guramaçylyga eýe boldy.
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde geçirilen dabarada şäheriň çäginde hereket edýän çagalar bakja baglaryndan körpeler, umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylar şirin aýdym-sazlary, folklor çykyşlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan bagtyýar körpelere Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.