ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bilimli nesil – berk binýatly geljek» atly şygar astynda brifing duşuşygy geçirildi. Ady agzalan ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşygy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýjemal Baýramowa alyp bardy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Hydyrguly Orazgulyýew hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy Ahmet Rejepow dagy çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň şadyýan ösüp kemala gelmekleri babatda ýola goýlan işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler hem-de çagalaryň ähli islegleriniň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Ahmet GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.