ÇEPER ELLILER BÄSLEŞDILER

Ýakynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 5 – 11-nji synplarynyň okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda «Arşyň nepisligi – türkmen halysy» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzda, ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň geljek nesillere ýetirilmegi, bu gymmatly mirasyň kämilleşdirilmegi, goralmagy hem-de dünýä ýaýylmagy babatda durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden ugur alyp, okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, ahlak gözelligini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän türkmen halysyny dokamaga bolan höweslerini artdyrmakdan, türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähri siňen, häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmeniň özboluşly nepis sungatyny dowam etdirmeklerini hem-de kämilleşdirmeklerini gazanmakdan, olaryň el hünärlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar ýaş aýratynlygyna laýyklykda, ýagny, 5 – 7-nji synplar, 8 – 10-njy synplar hem-de 11-nji synplar özara bäsleşdiler. Bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa gatnaşýan ýaşlar 4 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen işler bu mukaddes mirasyň dowamat dowam boljagyna ynamyňy has-da güýçlendirýär.

Netijede üstünlik gazanan toparlar bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan hormat hatlaryna hem-de gymmatbahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.