Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Arkadag şäherinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli medeni köpçülikleýin çäreler giň gerime eýe boldy. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty» ady bilen geçirildi. Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen bu dabara şäheriň çäginde hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy uçurym ýaşlary gatnaşdylar.
Täsirli we baý mazmunly söhbetdeşliklere, şowhunly aýdym-sazly çykyşlara eýe bolan dabara oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary, interaktiw-multimediýa enjamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa her bir ýaş nesliň bilimi has çuňňur öwrenmeginde, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde oňyn täsir edýär.
Çykyşlarda beýan edilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolsa, oňa gatnaşyjylaryň her biriniň gyzgyn elçarpyşmalaryna eýe boldy. Buýsançly aýdym-sazlarda döwrümiziň, döwletimiziň, ösüşlerimiziň waspy belentden ýaňlandy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.