BEÝIK BAŞLANGYÇLAR — PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özeninde adam we onuň bagtyýarlygy ugrundaky aladalara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisi we onda kabul edilen çözgütler muny aýtmaga doly esas berýär.

     Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bular dogrusynda aýratyn bellenildi we onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinden hem-de sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalary hem-de syýasy partiýalary bilelikde maslahat geçirdiler.

     «Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady» ady bilen geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň ýolunda netijeli hyzmatdaşlyk we bu ugurda öňde durýan wezipeler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan başlangyçlary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow tarapyndan «Dostluk» ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli buýsançly sözler beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY