Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri-de oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde bolsa, ýaş oba hojalykçylarynyň hem goşandy uludyr.
Hut şu nukdaýnazardan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek hem-de oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek babatda maslahatlaşyldy hem-de oba hojalygyny döwrebap özgertmek boýunça teklipler öwrenildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.