Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Tomus möwsüminde dynç alýan çagalar üçin milli oýunlar, sport çäreleri, döredijilik ýaryşlary gurnalýar. Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolsa, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümlerini şadyýan geçirmeklerini, olaryň zehinlerini açyp görkezmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda bagtyýar çagalaryň gatnaşmaklarynda döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary geçirildi.
Uly ruhubelentlikde geçen bäsleşiklere, ýaryşlara merkezde dynç alýan çagalar işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, olaryň içinden has ezberleri öňe saýlandy. Çekeleşikli geçen bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýeňiş gazanan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.