ÝAŞLAR SYÝASATYNY DÖWREBAP DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDA

     Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

     Hut şu nukdaýnazardan ýaşlar barada döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda şu günler şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşyklaryny guraýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyplaryň we bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek hem-de bilim özgertmelerini ösdürmek, medeniýetimiziň, sungatymyzyň çawyny dünýä ýaýmak babatda maslahatlaşyldy hem-de teklipler öwrenildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY