Bir daýhanyň iki sany ogly bar eken. Olar:
– Ata, biz dünýä aýlanjak, rysgal-döwletimizi agtarjak, bagtymyzy synap görjek, başarmasak, gallaç galsak, geleris. Seniň ýoluňy dowam ederis – diýip, biri ata, beýlekisi eşege atlanyp, obadan başyny alyp çykyp gidipdirler. Bularyň öňünden ýagşyzada çykypdyr:
– Oglanlar, siz bir döwletli daýhanyň çagalary, näme dileseňiz diläň, bitirmek biz bilen – diýipdir. Oglanlaryň bedew atlysy:
– Ýaşuly, taňryýalkasyn, men dünýä dileg edip, günümi dolamaga gelemok, kelläm bar, süňňüm sagat, hor bolsam, garagym çyksyn – diýipdir.
– Bar, ýigit, Alla işiňi oňarsyn! – diýip, ýagşyzada oňa ak pata beripdir. Doganlaryň atlysy:
– Ýagşy duşduňyz. Men bütin ömrüme atam ýaly sermenip ýörmäýin. Baýlyk bereweri, baýlyk – diýipdir.
– Bolýar, ynha, şu derýadan geç, hol, dagyň gowagyna bararsyň weli, bir derweze bardyr. Şol derwezäni aç-da, al baýlygy – diýip, goluna açar tutdurypdyr. Soňra-da:
– Menden saňa sargyt-öwüt bolsun, baýlyk almaga baranyňda, hergiz esasy zatlary unudaýmagyn! – diýipdir. Baýlygyň nirededigi anyk aýdylansoň, gije-gündiz baýlygy arzuwlap ýören ýigit onuň maslahatyna garaşman ylgap gidipdir. O1 eýýäm geýimlerini çykaryp, açary dişläp, derýa urup, hanha, ol kenardan çykyp barýarmyşyn. Ol ýigit ýagşyzadanyň aýdyşy ýaly, gowaga barýar, derwezäni açýar. Görse, gowagyň içi durşuna baýlyk bolup ýatyrmyş. Hany, indi bu çaşyp ýatan baýlyklary alyp gitmäge halta, çuwal! Şonda ýigit esasy zady unudandygyny bilipdir. Ol owurdyny, goşawuçlaryny altyndan dolduryp, derwezeden daşa çykypdyr. Soňra ýaňadan gowagyň içine girjek bolupdyr. Emma derweze ýapylypdyr. Eýýäm onuň ýanynda häzir bolan ýagşyzada:
– Şojagaz baýlygyň bilen oňmaly bolarsyň, ýigit! Sen üç sany esasy zady ýadyňdan çykardyň: birinjiden, hiç bolmanda, näçeräk almalydygyny öz ýanyňdan pikir etmelidiň, ikinjiden, gap alman girdiň, üçünjiden, bir gysym altyny aljak bolup, baýlygyň açaryny alman çykdyň! – diýip, gözden gaýyp bolupdyr.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN