Gadym zamanlarda bir adyl patyşa bolupdyr. Ol hem özünden öňki adyl şalaryň edähedine eýerip, il-ulsuň arasyna aýlanypdyr. Olar bilen söhbetleşip, pikirlerini diňläpdir. Bir günem köşk adamlaryny ýanyna alyp, ol köpçüligiň içine çykypdyr welin, bir gojada onuň ünsi eglenipdir. «Şunuň nazarynda bir güýç bar ýaly görünýär, nurana adam ekeni. Hany, sowal berip göreýin, näme diýerkä?!» diýip, onuň ýakynyna barypdyr. Hal-ahwal soraşanlaryndan soňra, olar aşakdaky äheňde sorag-jogap alşypdyrlar:
– Hany, goja, aýt, ikiň ýagdaýy neneň?
– Ikim-ä üç bolandyr, patyşahym!
– Aradaşlyk bilen araň neneň?
– Aradaşlygym-a ýakyna gelendir.
– Saňa gaz ibersem, şonuň pamyk bilen damagyny çalyp, ýeleklerini ütüp, gowrup, iýersiň-ä?!
– Maňa gaz iberseň, halallaryn, ýeleklerinem üterin, gowrarynam, iýerinem.
Soňra olar köşge gelipdirler. Patyşa özüniň nökerlerinden, köşkdäki wezir-wekillerinden ýaňky söhbediň manysyny tirmegi sorapdyr. Ýöne oňa jogap beren tapylmandyr. Şanyň muňa gahary gelipdir.
– Hiç ýerde bilim almadyk, sada, pukara kişiniň sözüniň manysyny tirip bilmän, siz ýene-de özüňize bilimdar, dana adam diýjeksiňiz. Şu sözleriň manysyny dogry düşündirmeseňiz, köşge geliji bolaýmaň – diýip, olara üç gün puryja beripdir. Emeldarlar oturyp näçe kelle döwseler-de, meseläniň çözgüdini tapmandyrlar. Onsoň bular gojanyň gözlegine çykypdyrlar. Ony tapyp, ýalbaryp-ýakaryp, şol gürrüňiň manysyny aýtmagyny sorapdyrlar. Goja muzduna goşawuçlap tylla beripdirler.
– Patyşamyzyň «Ikiň nähili?» diýen sowalyna «Ikim üç bolandyr» diýmegim «Iki aýagym göwrämi göterenok. Şonuň üçin üçünji aýaga – hasa daýanmaly bolýaryn» diýdigimdir. «Aradaşlygym ýakyna gelendir» diýdigim «Iki gözüm daş aralykdan görenok, ýakyndanam zordan görýärin» diýmegi aňladýar. Patyşam: «Saňa gaz ibersem, halallap, ýagny damagyny çalyp, ýelegini ütüp, gowrup, iýip bilermiň?» diýdi. Munuň manysy siziň meniň ýanyma gelmegiňiz. Sizden meniň sypaýylyk bilen, ýagny pagta bilen damak çalyp, tylla almagymdyr. Ol tyllanam iýerin, ýagny zeruryma harç ederin. Görnüşi ýaly, gazy mysal edip, akylly şa siziň şu ýere geljegiňizi göz öňünde tutdy – diýip, goja hemmesini bolşy-bolşy ýaly düşündiripdir. Şeýlelikde, akylly, bilimdar kişileriň halkyň içinden ýetişýändigi ýene bir gezek ykrar edilipdir.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN