HAKYKAT NIREDE?

     Gadym döwürde döwleti-maly bilen dünýä özüni tanadan bir soltan günleriň bir güni çuň oýa batypdyr. «Adamlar ömür boýy dert-azara galyp, hakykaty gözleýär. Ol nähili zatka?! Ony bir zadyň sudurynda görüp bolmazmyka?!» – diýipdir. Şeýle pikir bilen soltan ähli danyşment-akyldarlary köşge jemlemegi buýruk beripdir. Salym geçmänkä, bu jelegaýda ylymly, dana adam bolsa, olaryň hemmesi köşge ýygnanypdyr. Soltan olara öz pikirini mälim edip:

     – Bu ýalançy dünýäde ony tapmagam-a aňsat däldir welin, onda-da meniň onuň bilen ýüzbe-ýüz bolasym gelýär – diýipdir. Her kim öz pikirini aýdypdyr. Kimiň pikirine görä, hakykaty tapjak bolsaň, dag-düze çykmaly. Başga biri bolsa Hydyr gören çölde hakykata duşup bolýandygyny aýdypdyr. Danalaryň käbiri bolsa her biri ýassyk ýaly kitaplaryndan haraý gözläpdir. Ahyry sypaýy bir ýaşuly hakykatyň gözlegindäki ýurt eýesiniň göwnünden turýan teklibi orta atypdyr:

     – Özüňiz tanalmaz ýaly lybaslary geýniň-de, halkyň arasyna çykyp görüň. Hakykaty şonda görersiňiz, soltanym! Soltan onuň aýdanyna başyny atyp, birsalym pikirlenipdir. Teklibi makul bilibem, ýat keşbe girip, köşkden çykypdyr. Köçelerde gezipdir, bazarlara aýlanypdyr, halk bilen bile gün-güzeranyny aýlamaga başlapdyr. Adamlaryň kösenen ýerinde kösenipdir, olaryň şatlanan ýerinde şatlanypdyr. Ýurduň içinde bolýan ähli hakykata göz ýetiripdir. Birnäçe wagtdan soň ol köşgüne dolanyp gelipdir. Hakykatyň halkyň içindedigini öz gözi bilen görüpdir. «Şondan soňam ol mahal-mahal halkyň içine çykmak endigini goýmandyr» diýip, rowaýatda gürrüň berýärler.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Indiki makala

ÜÇ SOWAL

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR