Türkmençilikde maşgala borjuna juda ähmiýet berilýär. Ýaş zenan maşgalalar, esasan, öýüň arassaçylygy bilen meşgul bolýarlar. Maşgalada ýaş bäbegiň dünýä inmegi bilen, öý-içerisiniň hysyrdylaryny ünsden düşürýän zenan maşgalanyň hereketi ulular tarapyndan oňlanylmaýar. Ýogsam oňa:
–Sen bäbegiňe seret, özümiz kömekleşeris – diýip, töweregindäki gaýyndyr eltisi, baldyzlary hem ýardam etmegi öz borçlary hasap edýärler. Şular ýaly ýagdaýda uzakly gününi çagasyna idedýänden bolup geçirýän gelin, hojalykdaky borçlaryny unudýar. Çagasyny ýatyryp, her wagt sallançagyň bagyny çekip, bir işe güýmenmelidigi hakynda pikir etmeýär. Wagty tygşytlamagy, az wagtda köp iş, bir wagtda birnäçe işi utgaşdyryp etmegiň tilsimini bilýän tejribeli, köpügören zenanlaryň mertebesinem zähmet beýgeldýär. «Bahanam akja bäbek» edýän maşgalalara ulular öz göreldeleri bilen öwüt berýärler.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN