Bir gelin gelen öýüniň duluna seretse, bir palta asylgy durmuş. Ol muňa gözi düşenden aglap başlapdyr. Aglap goýar ýerde goýmandyr. Ony şunça köşeşdirjek
bolsalaram, ol gaýtam öz-özünden ýel alýarmyşyn. Ahyryn gyzyň ýagdaýyny enesine aýdypdyrlar.
– Hany, özümem göreýin balamy – diýip, enesi onuň ýanyna gelipdir. Näme üçin sesini goýman aglaýandygyny sorapdyr.
– Adyňa döneýin, jan balam! Näme boldy saňa? Aýtsana, näme üçin aglaýarsyň? – diýip, gyzyna ýalbaryp başlapdyr. Şonda gyzy:
– Hanha, hol asylgy duran paltany görýärmiň? Erte meniň çagam bolsa, olam emedekläp, şol ýere barsa, o palta-da birden çagajygymyň üstüne gaçaýsa nätjek?!
– diýip, öňküsindenem beter aglap başlanmyş. Gyzyndan bu sözleri eşiden ejesi:
– Wah, wah-eý, akyllyja balamyň çagajygy-eý! – diýip, möňňürip başlapdyr weli, gyzynyň dagam çaky dälmişin. Hiç hili sebäp ýok ýerden çendenaşa aladaçyllyk
bilen howatyr edilende, şu waka ýatlanylýar. «Palta gaçar» etmesene!» diýilýär.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN